TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
«Ojar Aziýa» we «TMT Consulting Group» kompaniýalarynyň Hytaýyň CCECC korporasiýasy bilen duşuşygy
16.09.2026
«Ojar Aziýa» we «TMT Consulting Group» kompaniýalarynyň Hytaýyň CCECC korporasiýasy bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde «Ojar Aziýa» we «TMT Consulting Group» kompaniýalarynyň wekilleri bilen Hytaýyň Raýat Inženerçilik-Gurluşyk Korporasiýasynyň (CCECC) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

CCECC 1979-njy ýylda esaslandyrylan, Hytaýyň iri döwlet inženerçilik-gurluşyk kompaniýasy bolup, China Railway Construction Corporation (CRCC) kompaniýasynyň düzümine girýär. Korporasiýa dünýäniň 90-dan gowrak ýurdunda demir we awtomobil ýollary, köprüler, tuneller, howa menzilleri, portlar we energetika infrastrukturasynyň taslamalaryny taslamalaşdyrmakdan we maliýeleşdirmekden başlap, gurluşyk we ulanyşa girizmek tapgyrlaryna çenli doly sikl boýunça durmuşa geçirýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar infrastruktura gurluşygy pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini, şol sanda sebitde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. CCECC -niň wekilleri ulag, energetika we durmuş infrastrukturasynyň desgalaryny taslamalaşdyrmakdan we maliýeleşdirmekden başlap, gurluşyk we ulanyşa girizmek tapgyrlaryna çenli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça tejribeleri barada maglumat berdiler.

Taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary boýunça pikir alyşdylar we anyk teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.