
Türkmenistanda şu ýyl möhüm ähmiýeti bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek işine badalga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda eden çykyşynda aýtdy, diýip Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegini üpjün etmek maksady bilen pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny gurmak boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Şeýle hem şu ýyl umumy uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berildi. Häzirki wagtda hem Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny has-da ýokarlandyrmaga, şeýle hem üstaşyr we halkara ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi.