
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awtomobil ulaglary ministrligine ýoluň taslamasyny taýýarlamak we gurluşygyny amala aşyrmak boýunça şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi habar beriş serişdeleri habar berýär.
Türkmenistanda umumy uzynlygy 546 km bolan Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygy meýilleşdirilýär.
Taslama, şeýle hem, uzynlygy 812 metr bolan awtomobil köprüsiniň gurluşygyny we ýoluň ugrunda ýerleşýän köprüleri döwrebaplaşdyrmagy öz içine alýar.
Taslamany durmuşa geçirmek Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022–2028-nji ýyllar üçin ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde göz öňünde tutulýar.



