
5-nji oktýabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa jemgyýetiň ýolbaşçysy Neda Berger, awstriýaly we türkmenistanly kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem sungat işgärleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibinden jemgyýetiň prezidentiniň, Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisiniň, jemgyýetiň baş sekretarynyň we wise-prezidentiniň gutlag sözleri, şeýle hem 27-nji sentýabrda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram etmek meseleleri orun aldy.
2026-njy ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Pilbergen şäherinde (Niderlandlar Patyşalygy) geçirilen atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna aýratyn üns berildi. Türkmenistan we türkmen ahalteke bedewleri bu çempionata ilkinji gezek gatnaşdylar.
Görkezilenlerden başga-da, gatnaşyjylara jemgyýetiň täze bölümler bilen baýlaşdyrylan web-saýty we ýaş nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda amala aşyrylýan «Şu günki türkmen ýaşlarynyň sesi — Türkmenistanyň geljeginiň sesi» atly täze taslama tanyşdyryldy. Şeýle hem 2027-nji ýylda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýubileý çäresine degişli taslamalar maslahatlaşyldy hem-de gatnaşyjylaryň pikirleri we teklipleri diňlenildi.
Mejlise awstriýaly we türkmenistanly kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem sungat işgärleri gatnaşdylar.
Mejlise jemgyýetiň agzalary we çagyrylan myhmanlar gatnaşdylar. Awstriýa biznesine «DiproMed GmbH» kompaniýasynyň direktory, jemgyýetiň baş sekretary doktor Kristian Eder; «Waagner Biro Steel and Glass GmbH» kompaniýasynyň direktory, jemgyýetiň müdiriýetiniň agzasy Iogann Zişka; «Gebrüder Weiss GmbH East plus» kompaniýasynyň direktory Diter Buhinger; «BS Global GmbH» kompaniýasynyň direktory Marsin Boguş; «Voestalpine Tubulars GmbH & Co KG» kompaniýasynyň satuw boýunça direktorlary Kurt Niderberger we Harald Şprajchofer; «Sigmapharm Arzneimittel GmbH» kompaniýasynyň direktory doktor Bernhard Wittmann; «GERTNERGROUP M. & Gertner Ges.m.b.H.» kompaniýasynyň direktory A. Matzinger; «Mitro International» kompaniýasynyň direktory Andreý Sapunow wekilçilik etdiler. Şeýle hem Grats Tehnologiýa Uniwersitetiniň Elektronika institutynyň professory doktor Dawid Pommerenke we «GRESCHNER Event Agency» agentliginiň direktory doktor Elena Greşner gatnaşdylar.
Türkmenistana «Baş Taglym Türkmen» (Baker Tilly) hojalyk jemgyýetiniň direktory, jemgyýetiň wise-prezidenti Batyr Taganow; «TMT» / «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň direktory Amanmuhammet Ojarow we Anna Ojarowa; «Döwlet Gurluşyk» HJ-niň direktory Durdymyrat Çaryýew; «Türkmen Senet» HJ-niň direktorlary Baba Oranýazow we Arslan Oranýazow; «Gözli» HJ-niň direktory Rahym Begjanow; Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdiriýetiniň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň direktory H.S.Seýidow; «Turkmenportalyň» baş direktory G. Nurmyradow wekilçilik etdiler.
Sungat işgärleriniň arasynda nemes opera aýdymçysy Konstantin Rittel-Kobylýanskiý (Düsselldorf), saz direktory, pianinoçy we wokalyň mugallymy Ella Pasik (Ysraýyl), şeýle hem birnäçe halkara «Dancing Stars» bäsleşikleriniň ýeňijisi, tansçy we horeograf Dimitar Ştefanin (Awstriýa) bar.



