TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
Aşgabatda energiýa tygşytlaýjy gurluşyk boýunça okuw maslahatlary geçirildi
05.09.2026
Aşgabatda energiýa tygşytlaýjy gurluşyk boýunça okuw maslahatlary geçirildi

2026-njy ýylyň 2–4-nji sentýabrynda Aşgabatda energiýa netijeliligi we gurluşyk pudagynyň durnukly ösüşi boýunça okuw maslahatlarynyň tapgyry geçirildi. Çäreler BMGÖM bilen GEF-iň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda geçirildi. Taslamanyň esasy maksady Türkmenistanyň energiýa tygşytlaýjy gurluşyk ulgamyndaky kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmekden we bu ugurda mümkinçilikleri ösdürmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilen okuw maslahatlaryna ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Gatnaşyjylar energiýa sarp edilişi diýen ýaly nola deň bolan binalary taslamak we gurmak boýunça häzirki zaman çemeleşmelerini, halkara «Ýaşyl sertifikatlary» almak üçin bildirilýän talaplary, şeýle hem Türkmenistanyň howa şertlerini nazara almak bilen energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrendiler.

Möhüm wakalaryň biri hökmünde 1-nji sentýabrda institutyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde instituta toplumyň häzirki zaman ekologiýa we energiýa netijeliligi standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan alty sany halkara «Ýaşyl sertifikat» gowşuryldy.

Energiýa tygşytlaýjy gurluşygyň ösdürilmegi häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, ekologiýa standartlarynyň ýokarlandyrylmagyna we Türkmenistanyň durnukly gurluşyk pudagynyň kemala gelmegine ýardam berýär.