
Şu gün Stambul welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky baş konsuly Owezgeldi Jumanaçarowyň Stambulyň häkimi Dawut Gül bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi.
Taraplar dostluk, hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar. Şeýle hem, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi boýunça pikir alşyldy.
Çeşme: www.turkmenportal.com



