
2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap, daşary ýurt raýatlary Türkmenistana girmek üçin elektron wizalary (e-Visa) resmileşdirip bilerler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy habar berdi.
Elektron wiza ulgamynyň işe girizilmegi migrasiýa hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak we administratiw amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň bir bölegidir.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň bellemegine görä, e-Visa ulgamynyň ulanylmagy daşary ýurt raýatlaryna resminamalary resmileşdirmek we zerur amallardan geçmek üçin sarp edilýän wagty azaltmaga mümkinçilik berer. Täze format elektron resminama dolanyşygyna geçmegi we ýurda giriş bilen bagly birnäçe amallary ýönekeýleşdirmegi hem göz öňünde tutýar.
Daşary ýurt raýatlary üçin e-Visa ulgamynyň işe girizilmegi Türkmenistana girmek üçin zerur resminamalary elektron görnüşde resmileşdirmegiň täze usuly bolar.



