
Türkmenistan halkara maýadarlary we maliýe institutlaryny ýurduň demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga we ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen taslamalara gatnaşmaga çagyrýar.
Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň dowamynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri M. Akmammedow hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň lokomotiw we wagon parkyny täzelemekden, «gury portlary» we konteýner terminallaryny gurmakdan, şeýle hem multimodal daşamalary ösdürmekden ybaratdygyny aýtdy.
Aýratyn ileri tutulýan ugurlaryň biri serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, demir ýollary elektrikleşdirmek we daşamalarda ekologiýa taýdan arassa standartlara geçmekdir. Şunuň bilen bir hatarda pudagy mundan beýläk-de sanlylaşdyrmak, şol sanda elektron resminama dolanyşygyny, sanly ýük resminamalaryny we ýükleri hakyky wagt tertibinde yzarlamaga mümkinçilik berýän platformalary ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Transhazar ugruny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Demir ýol infrastrukturasynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen birleşdirilmegi bitewi logistika zynjyrlaryny döretmäge we ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Ministriň aýtmagyna görä, Türkmenistan «Demirgazyk–Günorta» we «Gündogar–Günbatar» ulag geçelgeleriniň çatrygynda strategik ähmiýetli orny eýeleýär. Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýol ugry Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna we Russiýa Pars aýlagynyň portlaryna çykmaga mümkinçilik berýär. Ýurtdaky ulag infrastrukturasynyň mümkinçilikleri Hytaýy we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryny Ýewropa bazarlary bilen baglanyşdyrýan ýük ugurlarynyň ösdürilmegine hem goşant goşýar.
Akmammedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan maýadarlar we logistika operatorlary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardyr hem-de ulag pudagynda iri bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri hödürleýär.



