TMT Consulting Group

TÄZELIKLER

Türkmenistandaky soňky wakalary yzarlaň.
Türkmenistanyň we ABŞ-nyň hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary maslahatlaşyldy
08.01.2026
Türkmenistanyň we ABŞ-nyň hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi Elizabet Rudd bilen duşuşyp, iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşykda syýasy-diplomatik dialogy pugtalandyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem ýyllyk syýasy geňeşmeler hem-de «Türkmenistan–ABŞ» Işewürler geňeşi ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň netijeliligi aýratyn bellenildi.



Taraplar ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, hususan-da John Deere, General Electric we Boeing ýaly kompaniýalaryň Türkmenistanda köp ýyl bäri üstünlikli işleýändigini nygtap, olaryň energetika, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda durmuşa geçirýän bilelikdäki taslamalarynyň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem bilim, ylym, medeniýet we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda türkmen-amerikan medeni dialogyny ýola goýmak başlangyjy öňe sürüldi, şeýle-de bank-maliýe ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljek mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi.



Çeşme: www.turkmenportal.com

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум