TMT Consulting Group

TÄZELIKLER

Türkmenistandaky soňky wakalary yzarlaň.
Türkmenistanda «Serhetabat» gümrük nokadynyň durky täzeleniş işleri başlandy
04.11.2025
Türkmenistanda «Serhetabat» gümrük nokadynyň durky täzeleniş işleri başlandy

Türkmenistan bilen Owganystanyň döwlet serhedinde ýerleşýän «Serhetabat» gümrük nokadynda durky täzeleniş işleri başlandy.



Gurluşyk işlerine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýolbaşçylyk edýär.



Durky täzeleniş işleriniň çäklerinde bar bolan binanyň döwrebaplaşdyrylmagy, şeýle hem birnäçe täze binalaryň we desgalaryň gurulmagy meýilleşdirilýär — diýip, Gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.



Durky täzeleniş işleriniň geçirilýän döwründe ulag serişdelerini barlamak üçin täze rentgen-barlag enjamy hem gurnalar.



Netijede, gümrük nokadynyň geçirijilik ukybynyň bir günde 500 awtoulag serişdesine çenli ýokarlandyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu görkeziji häzirki taslama kuwwatyndan 2,5 esse ýokarydyr.



Gurluşyk işleri «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýeti tarapyndan 2025–2027-nji ýyllar aralygynda amala aşyrylar.



Çeşmede bellenilişi ýaly, «Serhetabat» gümrük nokady Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda we «Lazurit» hem-de beýleki halkara ulag geçelgeleri boýunça üstaşyr ýükleriň daşalmagynda iň möhüm gümrük nokatlarynyň biridir.



 



Maglumat çeşmesi: Turkmenportal

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум