
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd. we Ýaponiýanyň Toyo Engineering Corporation kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi.
Daewoo E&C kompaniýasynyň prezidenti Li Gang-sok bilen geçirilen duşuşykda türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gaz-himiýa pudagyndaky iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýandygy bellenildi.
Toyo Engineering Corporation kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Eýji Hosoi bilen geçirilen duşuşykda ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gaz we himiýa pudaklaryndaky taslamalary durmuşa geçirmekdäki orny bellenildi.
Taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.



