TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
«Ojar Asiýa» kompaniýasy «Hytaý (Şansi welaýaty) – Türkmenistan (Aşgabat)» atly söwda-ykdysady konferensiýa gatnaşdy
22.10.2026
«Ojar Asiýa» kompaniýasy «Hytaý (Şansi welaýaty) – Türkmenistan (Aşgabat)» atly söwda-ykdysady konferensiýa gatnaşdy

2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda iki ýurduň işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemlän «Hytaý (Şansi welaýaty) – Türkmenistan (Aşgabat)» atly söwda-ykdysady konferensiýa geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralan giň gerimli çärä döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar, bilermenler, şeýle hem Türkmenistanyň we Hytaýyň 70-den gowrak öňdebaryjy kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň üns merkezinde energetika, gurluşyk, logistika we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi boldy.

Konferensiýanyň dowamynda Türkmenistanyň we Hytaýyň işewür toparlarynyň wekilleri hem-de öňdebaryjy kärhanalarynyň ýolbaşçylary geljegi uly taslamalary we başlangyçlary tanyşdyrdylar. «Ojar Asiýa» kompaniýasy hem konferensiýanyň işine işjeň gatnaşdy. Kompaniýanyň wekili çykyş edip, «Ojar Asiýa» kompaniýasynyň alyp barýan işleri, durmuşa geçirilýän taslamalary we hytaýly telekeçiler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada maglumat berdi. Bu çykyş kompaniýanyň mümkinçiliklerini tanyşdyrmaga we Hytaýdan bolan hyzmatdaşlar bilen täze işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik döretdi.

Çykyşynyň ahyrynda «Ojar Asiýa» kompaniýasynyň wekili konferensiýa gatnaşyjylary 2026-njy ýylyň 6–7-nji noýabrynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçiriljek foruma gatnaşmaga çagyrdy. Bu çäräniň işewür gatnaşyklary berkitmek, tejribe alyşmak we halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça goşmaça meýdança bolmagyna garaşylýar.

IMG-20261022-WA0004.jpg