TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
«ОДЖАР АЗИЯ» представила проекты в Кабуле
07.10.2026
«ОДЖАР АЗИЯ» представила проекты в Кабуле

OJAR ASIA doganlyk Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde geçirilýän 5-nji Imam Abu Hanifa milli we halkara söwda sergisine gatnaşýar. Bu sergi ýurduň iň möhüm we abraýly söwda-maýa goýum meýdançalarynyň biri bolup, döwlet edaralarynyň, işewür toparlaryň, maýadarlaryň we telekeçileriň wekillerini bir ýere jemleýär.

Sergide Türkmenistandan gatnaşýan ýeke-täk gurluşyk kompaniýasy hökmünde OJAR ASIA häzirki wagtda taýýarlyk we durmuşa geçiriş tapgyrlarynda bolan esasy taslamalaryny tanyşdyrýar.

Kompaniýanyň sergi stendiniň esasy merkezi bölegi Sarahs – Mary – Serhetabat ugurlaryny birleşdirýän döwrebap ýokary tizlikli awtomagistral taslamasydyr. Teklip edilýän bu taslama Türkmenistanyň Eýran bilen serhedini Owganystan bilen serhedi arkaly birleşdirip, Türkmenistanyň çäginden geçýän möhüm ulag geçelgesini döretmäge mümkinçilik berer. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, Eýranyň, Owganystanyň, Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň bazarlaryna çykmak mümkinçiliklerini giňeltmäge, şeýle hem Türkmenistanyň sebitdäki üstaşyr ulag ornuny güýçlendirmäge ýardam eder.

Şeýle hem kompaniýa Owganystanda, Turgundy demir ýol bekediniň gury portunyň çäginde gurulýan döwrebap ammar-logistika toplumyny tanyşdyrýar. Desga ýükleri saklamak, gaýtadan işlemek hem-de demir ýol we awtomobil ulaglarynyň arasynda ýükläp-düşürmek üçin niýetlenendir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga, serhetüsti söwdany ösdürmäge we Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ulag-logistika gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berer.

Sergide görkezilýän beýleki başlangyçlaryň arasynda türkmen-owgan serhediniň golaýynda ýerleşýän Serhetabat şäherinde häzirki wagtda durmuşa geçirilýän myhmanhana-logistika toplumy we döwrebap un zawody hem bar. Bu taslamalar artýan söwda we ulag akymlaryna hyzmat etmäge, serhetüsti infrastrukturany ösdürmäge hem-de Owganystanyň bazaryny ýokary hilli önümler bilen durnukly üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan we Owganystanyň milli öwüşginleri bilen bezelen OJAR ASIA-nyň döwrebap sergi stendi gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň uly ünsüni özüne çekdi. Serginiň ilkinji gününde ikiçäk B2B we B2G duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegi hem-de infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sergä gatnaşmak OJAR ASIA-nyň döwrebap infrastrukturany ösdürmekde ygtybarly hyzmatdaş bolmaga, işewürlik gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.27953336-a261-466b-8776-602befa53b5a.jpg66f7ada7-5235-4076-8439-3663c0257843.jpg