
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Seul şäherinde Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» işewürlik maslahatynyň çäklerinde «Ojar Aziýa» hususy kärhanasy bilen «S&T System Inc.» Koreý kompaniýasynyň arasynda ýol infrastrukturasy, howpsuzlyk ulgamlary we ulag infrastrukturasyny dolandyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnama gol çekildi.
Ähtnamanyň gol çekilmegi türkmen-koreý işewürlik hyzmatdaşlygynyň amaly netijesi bolup, iki ýurduň kompaniýalarynyň arasynda döwrebap çözgütleri ornaşdyrmak we uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.



