TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
«Ojar Asiýa» kompaniýasy Şanhaýda geçirilen işewürlik forumynyň çäklerinde Hytaý kompaniýalary bilen birnäçe hyzmatdaşlyk Ähtnamalaryna gol çekdi
07.11.2026
«Ojar Asiýa» kompaniýasy Şanhaýda geçirilen işewürlik forumynyň çäklerinde Hytaý kompaniýalary bilen birnäçe hyzmatdaşlyk Ähtnamalaryna gol çekdi

Şanhaý şäherinde geçirilen Türkmen-hytaý işewürlik forumynyň çäklerinde «Ojar Asiýa» hususy kärhanasy ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe ylalaşyklary gazandy.

Işewür gepleşikleriň netijesinde kärhana Hytaýyň dört kompaniýasy we guramasy bilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekdi.

Hususan-da, Super Smart Home kompaniýasy bilen «akylly öý» tehnologiýalary, emeli aň we döwrebap intellektual ulgamlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Link Global International Logistics kompaniýasy bilen baglaşylan Ähtnama ulag-logistika hyzmatlary, halkara ýük daşamalary we degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Beijing Zhongsheng Honor Enterprise Management Center (Limited Partnership) kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, işewür gatnaşyklary ýola goýmaga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge gönükdirilendir.

Hyzmatdaşlygyň ýene bir ugry SINOMACH HI International Equipment Co., Ltd. kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk bolup, ol söwda gatnaşyklaryny ösdürmegi we ýükleýji tehnikalary, ekskawatorlary, ýol-gurluşyk tehnikalaryny hem-de ätiýaçlyk şaýlaryny goşmak bilen, gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.IMG-20261107-WA0020.jpgIMG-20261107-WA0021.jpg