
Eýranyň häkimiýetleri ýurduň demirgazygy we Hazar deňziniň üsti bilen ýük daşamalaryny ösdürmek mümkinçiligine seredýärler. Bu barada Fars habarlar agentligi habar berýär.
Hünärmenleriň arasynda «Hazar ekspressi» diýlip atlandyrylýan bu başlangyç logistika çykdajylaryny azaltmaga we Merkezi Aziýa ýurtlaryna hem-de Ýewraziýa sebitine harytlary daşamak üçin durnukly alternatiw ugry döretmäge gönükdirilendir.
Taslama Enzeli, Amirabad we Nowshehr portlarynyň infrastrukturasyny işjeň peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Bu portlardan ýükler Hazar deňziniň üsti bilen hyzmatdaş ýurtlaryň portlaryna daşalar.
Eýranyň eksportynyň «demirgazyk böleginiň» giňeldilmegi Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleriniň çatrygynda möhüm logistika merkezi bolup durýan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty üçin täze mümkinçilikleri döredýär.
orient.tm



