TMT Consulting Group

TÄZELIKLER

Türkmenistandaky soňky wakalary yzarlaň.
Türkmenistan biržasynda halkara söwdasynyň möçberi artýar
10.03.2026
Türkmenistan biržasynda halkara söwdasynyň möçberi artýar

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda 24 geleşik hasaba alyndy. Daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen baglaşylan şertnamalaryň umumy bahasy 14,6 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.



Owganistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem Türkiýe, BAE, Hindistan, Serbiýa, Owganystan, Özbegistan we Gyrgyzystandan bolan telekeçilere pagta ýüplügi, džins önümleri, buýan köküniň goýy ekstrakty, bugdaý uny, portlandsement hem-de gazbeton bloklary ýerlenildi.



Mundan başga-da, içerki bazar üçin ýerli telekeçiler Türkmennebit döwlet konserniniň önümçiligi bolan esasy ýag, ýol nebiti bitumy we polipropilen, şeýle hem bugdaý ununy, pagta ýüplügini we pagta matasyny 253,6 million manatdan gowrak möçberde satyn aldylar.



Çeşme: www.turkmenportal.com

 

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум