
Hindistan Türkmenistan bilen dökün öndürmek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbabu iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bagyşlanan çärede aýtdy.
Diplomatyň bellemegine görä, soňky ýyllarda Türkmenistan hindi dökünleriniň eksport edilýän esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Şeýle hem taraplar dökünleri uzak möhletleýin üpjün etmegiň, oba hojalyk önümleriniň söwdasyny giňeltmegiň, häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerine seredýärler.
Saglygy goraýyş, derman senagaty we energetika, şol sanda bioýangyjy ösdürmek hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Hindi tarapy lukmançylyk işgärlerini taýýarlamakda we hünär tejribelerini alyşmakda ýardam bermäge taýýardygyny hem mälim etdi.
Mundan başga-da, ilçi Türkmenistanyň hökümetiniň we işewür toparlarynyň wekillerini noýabr aýynyň başynda Nýu-Delide geçiriljek Bharat Renewable Energy Summit & Expo 2026 sammitine we sergisine gatnaşmaga çagyrdy.
Bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge we bilelikdäki maýa goýum taslamalary üçin täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.



