BMGÖM Türkmenistanda kiçi grantlar maksatnamasynyň başlandygyny yglan etdi

BMGÖM Türkmenistanda kiçi grantlar maksatnamasynyň başlandygyny yglan etdi

23.06.26

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýerli başlangyçlar üçin kiçi grantlar bäsleşiginiň yglan edilendigi barada habar berdi.
Bäsleşik BMGÖM-niň Türkmenistanyň Daşky Gurşawy Goramak Ministrligi bilen bilelikde, Global Ekologik Gaznasynyň (GEF) maliýe goldawy esasynda amala aşyrylýan «Köp sanly peýdalary almak üçin Aral deňziniň basseýnindäki ýokary tebigy gymmaty bolan ýer serişdelerini we ekosistemalaryny goramak hem durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäklerinde geçirilýär.
BMGÖM-niň metbugat beýanatyna görä, maksatnama ýer we suw serişdelerini durnukly dolandyrmaga, zaýalanan ekosistemalary dikeltmäge, biologik köpdürlüligi goramaga hem-de Aral deňziniň basseýnindäki ýerli jemgyýetçilikleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmegi maksat edinýär.
Gatnaşmaga ejiz ilatyň wekilleri bolan hasaba alnan hökümet däl guramalar, raýat jemgyýetiniň guramalary, şeýle hem raýatlaryň başlangyç toparlary çagyrylýar.
Goldawyň ileri tutulýan ugurlary: örüsleri durnukly dolandyrmak, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, suwy tygşytlamak, durnukly oba hojalygy, tokaý-meliorasiýa işleri hem-de aýallar tarapyndan durmuşa geçirilýän başlangyçlary goşmak bilen alternatiw girdeji çeşmelerini ösdürmek.
Taslamalar Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň synag etraplarynda amala aşyrylmaly hem-de ýerli jemgyýetçilikler we daşky gurşaw üçin anyk, ölçeglendirip bolýan netijelere eýe bolmaly.
Gatnaşmak şertleri, arzalary tabşyrmagyň tertibi, zerur resminamalar we bäsleşigiň möhletleri baradaky jikme-jik maglumat Türkmenistandaky BMGÖM-niň saýtynda elýeterlidir: www.undp.org/ru/turkmenistan/publications

turkmenportal.com