“Korea Import Expo” sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony öz işine başlady

“Korea Import Expo” sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony öz işine başlady

24.06.26

Türkmenistanyň milli pawilýony 23-nji iýunda Seuldaky COEX sergi merkezinde açylan “Korea Import Expo 2026” halkara import önümleri sergisinde öz işine başlady. 

Türkmenistanyň pawilýonynda milli el işleri, dokma önümleri, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kompaniýasynyň öndürýän çaga iýmitleri, şeýle hem türkmen kärhanalarynyň öndürýän öý hojalyk himiýasy, ýuwujy serişdeler we beýleki sarp ediş harytlary sergilenýär.

 “Korea Import Expo 2026” sergisine dünýäniň 60-dan gowrak ýurdundan azyk we sarp ediş harytlaryny öndürijiler gatnaşýar. Sergi 25-nji iýuna çenli öz işini dowam eder.

https://business.com