Türkmenistan Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy sammitine taýýarlyk işlerine gatnaşdy
18.06.26
Daşkentde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitine taýýarlyk boýunça ýokary derejeli wezipeli adamlaryň ikinji mejlisi geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary wekilçilik etdi.
Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar öňde boljak sammite görülýän taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar, jemleýji resminamalaryň taslamalaryna garadylar hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdylar.
«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky ilkinji sammitiň 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
turkmenportal.com
