Türkmenistan bilen Malaýziýa ylym, ulag we bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Türkmenistan bilen Malaýziýa ylym, ulag we bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

20.06.26

Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň Aşgabada amala aşyran resmi saparynyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Malaýziýa ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekdiler. Resminamalara gol çekmek we olary alyşmak dabarasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň hökümet başlygynyň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň boldy. 

Taraplaryň alyşan resminamalarynyň hatarynda şular bar:
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Malaýziýanyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Malaýziýanyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak hem-de ylmy alyş-çalyş boýunça hyzmatdaşlyk hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Şeýle hem aşakdaky gol çekilen resminamalar barada yglan edildi:
Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Malaýziýanyň Universiti Tenaga Nasional arasynda talyp alyş-çalyşy we akademiki hereketlilik maksatnamalary boýunça Ylalaşyk;
Türkmen Döwlet Binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Milli Energetika Uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalyşy we akademiki hereketlilik maksatnamalary boýunça Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Milli Energetika Uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalyşy we akademiki hereketlilik maksatnamalary boýunça Ylalaşyk.
Dabaranyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow bilen Anwar Ibrahim saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Resminamada ikitaraplaýyn, sebit we halkara gün tertibindäki meseleler boýunça geçirilen gepleşikleriň netijeleri beýan edilýär hem-de taraplaryň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygy tassyklanýar.

turkmenportal.com