Türkmenistan bilen Slowakiýa ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň ilkinji mejlisine taýýarlanýar
17.06.26
Türkmenistan bilen Slowakiýa ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň ilkinji mejlisine taýýarlanýar. Mejlisiň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, ulag, gurluşyk we maglumat tehnologiýalary ugurlarynda, şeýle hem oba hojalygy, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garalmagyna garaşylýar. Çärä görülýän taýýarlyk işleri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek maksatlaryna laýyklykda alnyp barylýar.
TMT Habarlar
