«Ojar Aziya» we «TMT Consulting Group» Koreýa bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
17.06.26
«Ojar Aziya» we «TMT Consulting Group» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirip, işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegini we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda «Ojar Aziya» holdinginiň düzümindäki kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem senagat, gurluşyk we innowasiýa ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar türkmen-koreý işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.
TMT Habarlar
