Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda işewür hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda işewür hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

20.05.26

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjy esasynda «Ojar Aziya» hususy kärhanasynyň hem-de «TMT Consulting Group» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda möhüm duşuşyk geçirildi. Bu çäre Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ykdysady-diplomatik gatnaşyklary has-da ösdürmäge gönükdirilen netijeli gepleşikleriň nobatdaky tapgyry hökmünde çykyş etdi.

Duşuşyga BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmad Al Hameli gatnaşdy. Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň soňky ýyllarda durmuş-ykdysady ösüş ugrunda gazanýan üstünliklerini, milli infrastruktura ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri hem-de daşary ýurt maýadarlary üçin döredilýän amatly işewürlik şertlerini ýokary baha berdi. Şeýle-de ol Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýratyn nygtady.

Gepleşikleriň dowamynda «Ojar Aziya» we «TMT Consulting Group» kompaniýalarynyň wekilleri dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, işewür tejribeleri alyşmak, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar duşuşygyň ýokary derejede bolandygyny aýdyp, şeýle çäreleriň Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hem-de işewür toparlaryň arasynda özara ynamy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini bellediler.

TMT News