Pekinde Türkmen-hytaý biznes forumynyň netijeleri tanyşdyryldy

Pekinde Türkmen-hytaý biznes forumynyň netijeleri tanyşdyryldy

22.05.26

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Pekinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirilen Türkmen-hytaý biznes forumynyň we sergisiniň netijelerine bagyşlanan tanyşdyryş çäresi guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryndaky esasy maliýe taslamalary, şeýle hem Aşgabatdaky sergide görkezilen ýerli öndürijileriň önümleri tanyşdyryldy. Mundan başga-da, gatnaşyjylara Türkmenistanyň ministrlikleri we edaralary tarapyndan ýakyn döwürde meýilleşdirilen halkara çäreler barada maglumat berildi.

Şeýle hem, bu çäräniň çäklerinde “Ojar Aziya” kompaniýasynyň ofisiniň resmi açylyşy boldy. Bu ädimiň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga goşant goşmagyna garaşylýar. Ofisiň açylmagy kompaniýanyň hytaý bazaryndaky gatnaşygyny giňeltmek hem-de Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky maýa goýum, söwda we ykdysady mümkinçilikleri ösdürmek bilen baglydyr. “Ojar Aziya” kompaniýasynyň Pekin ofisi hytaýly hyzmatdaşlary we maýadarlary gözlemek, ýörite tehnikalary satyn almak, şeýle hem bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny utgaşdyrmak bilen meşgullanar.

TMT News