“Ýaş inžener 2026” atly inžener-tehniki bäsleşik Aşgabat şäherinde geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanda “Ojar Aziýa” binasynda “Ýaş inžener 2026” atly inžener-tehniki bäsleşik geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi şeýle-hem “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy, “Türkmen maslahatçylar topary” hojalyk jemgyýeti we “Amatly çözgüt” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurnaldy.
Bäsleşige ýurdumyz boýunça 200 golaý okuwçy gatnaşdy. Sergi stollarynda 60 gowrak taslama işleri görkezildi, olaryň arasynda önümçiligi awtomatlaşdyrmak ugrunda taýýarlanan işlere aýratyn orun berildi. Bäsleşik dört ugur boýunça geçirildi. “Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary” ugurda 7-12 synp okuwçylary iki adamdan ybarat bolan topar bolup öz inowasion ösüşli taslamalaryny hödürlediler. “Robototehnika” ugurda 7-12 synp okuwçalary öz robotlary bilen 2,5 minudyň dowamynda toplary toplap dürli beýiklikdäki gaplara ýerleşdirdiler. “Gyzlar programma düzýärler” atly ugurda 8-nji synp we kiçi synp okuwçy gyzlary Scratch dilinde oýun taslamalaryny, animasiýa we amaly programmalary hödürlediler. “Battle Bots” ugry bolsa, dürli ýaşdaky okuwçylar üçin açyk bolup, robotlaryň arasynda söweş gurnaldy.
“Robototehnika” we “Battle Bots” ugurlara aýratyn üns çekdiler. Bäsleşigiň netijeleri esasynda 2026-njy ýylyň 7-nji – 10-njy oktýabr aralygynda (Koreýa respublikasynda) Inçhone ş. “First Global Challenge 2026” atly dünýä derejesinde geçiriljek robototehniki çempionatynda Türkmenistanyň adyndan wekil bolma hakyny gazandylar.
Dünýä çempionaty 190 gowrak ýurduň toparlaryny jemlär. Bäsleşigiň esasy mowzugy “Inowasiýalary ýakmak” bolup ol öz gezeginde STEM arkaly dünýä derejesindäki meseleleri çözmek üçin ugrukdylan.
“Ýaş inžener” atly inžener-tehniki bäşleşigiň her ugry boýunça ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary hem-de guramaçylar we baş hemaýatkär “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.
TMT News
