
2026-njy ýylyň 25-nji awgustynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan TMT Consulting Group kompaniýasynyň ofisinde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen iş duşuşygy geçirildi.
Hytaýyň wekiliýetiniň düzümine Hytaý Telekeçiler birleşiginiň wekilleri girdi. Wekiliýete Hytaýyň Atçylyk senagaty birleşiginiň Baş sekretary Ýue Gaofeng ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini, şeýle hem türkmen we hytaý kompaniýalarynyň atçylyk sporty, gurluşyk, maglumat tehnologiýalary we maýa goýumlar pudaklarynda hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyk konstruktiw we dostlukly ýagdaýda geçdi. Ol Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň özara gyzyklanmasyny tassyklady.