TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
Ojar Aziýa kompaniýalar toparynyň hytaý kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşygy
30.09.2026
Ojar Aziýa kompaniýalar toparynyň hytaý kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşygy

30-njy sentýabrda Aşgabat şäherinde Ojar Aziýa kompaniýalar toparynyň Hytaý — China Triumph Steel Construction Group we China Railway 16th Bureau Group The 5th Engineering Co., Ltd. kompaniýalarynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlaryny, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini, şeýle hem geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Tejribe alyş-çalyşmaga we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri gözlemäge aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar özara konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar we bilelikdäki taslamalary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar. Gazanylan ylalaşyklaryň kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrlary üçin esas bolup hyzmat etmegine garaşylýar.