
2026-njy ýylyň 5–10-njy noýabry aralygynda Şanhaý şäherinde 9-njy Hytaýyň Halkara import harytlary we hyzmatlary sergisi (China International Import Expo — CIIE 2026) geçirilýär. Sergi dünýäniň dürli ýurtlaryndan işewür toparlaryň wekillerini, öndürijileri, maýadarlary we işewürlik guramalaryny bir ýere jemleýär.
Sergi Milli sergi we konwensiýa merkezinde (NECC) geçirilip, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, önümleri dünýä bazarlarynda öňe sürmek we täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm halkara meýdançalaryň biri bolup durýar.
CIIE 2026 sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan türkmen kompaniýalary öz önümlerini we iş mümkinçiliklerini tanyşdyrýarlar.
Türkmen kärhanalarynyň Şanhaý şäherinde geçirilýän halkara sergä gatnaşmagy milli önümleri daşary ýurt bazarlarynda öňe sürmäge, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge, şeýle hem hytaýly we halkara hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.
Sergi maksatnamasynyň çäklerinde 6–7-nji noýabrda geçirilmegi meýilleşdirilen işewürlik çäreleri, şol sanda Türkmen-hytaý işewürlik forumy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu çäreler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak, telekeçileriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze ugurlary kesgitlemek babatda goşmaça mümkinçilikleri döredýär.



