
2026-njy ýylyň 6–7-nji noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan TMT Consulting Group kompaniýasynyň goldawy bilen 9-njy Hytaý Halkara Import Sergisiniň (CIIE) çäginde Türkmen-hytaý işewürler forumy geçiriler.
Forum Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasynda göni dialog üçin meýdança bolup, gatnaşyjylara işewür hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.
Çäräniň çäginde täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak, hyzmatdaşlary tapmak we bilelikdäki taslamalary ösdürmek maksady bilen B2G, B2B we G2G duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şeýle hem Şanhaýyň iri kompaniýalary, döwlet kärhanalary we öňdebaryjy önüm öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine, şeýle-de hytaýly hyzmatdaşlar bilen göni işewür gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn üns berler.
Forumyň işine gatnaşmak — bu:
- öz kompaniýaňyzy we önümleriňizi potensial hytaýly hyzmatdaşlara tanyşdyrmak;
- göni B2B gepleşikleri geçirmek;
- täze üpjün edijileri, alyjylary we maýadarlary tapmak;
- bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak;
- Hytaý bazaryndaky işewür gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiligidir.
📅 Sene: 2026-njy ýylyň 6–7-nji noýabry
📍 Ýeri: Şanhaý şäheri, Hytaý Halk Respublikasy
Çärä gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň wekillerinden gatnaşmak baradaky niýetleri we aragatnaşyk maglumatlaryny guramaçylara öňünden ibermek haýyş edilýär.
📞 Telefonlar: +993 12 75-36-44 / 48, +993 64 04-27-51, +993 65-64-40-30
🌐 Giňişleýin maglumat we hasaba alyş: www.tmt.tm



