TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
Şanhaýda geçirilen Türkmen-Hytaý işewürler forumy iki ýurduň 470-den gowrak işewür wekillerini bir ýere jemledi
06.11.2026
Şanhaýda geçirilen Türkmen-Hytaý işewürler forumy iki ýurduň 470-den gowrak işewür wekillerini bir ýere jemledi

Şanhaý şäherinde Türkmen-Hytaý işewürler forumynyň birinji güni tamamlanýar. Forumyň işine Hytaýyň 300-e golaý kompaniýasyna we guramasyna wekilçilik edýän 350-den gowrak wekili, şeýle hem Türkmenistandan 120-den gowrak wekil gatnaşýar.

Häzirki wagtda forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen B2B we B2G görnüşindäki işewür duşuşyklar geçirilýär.

IMG-20261106-WA0038.jpg2.jpg3.jpg4.jpg5.jpg6.jpg7.jpg