TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
Türkmen-Iňlis söwda-senagat hyzmatdaşlygy: TUKTIC mejlisi Aşgabatda geçiriler
11.11.2026
Türkmen-Iňlis söwda-senagat hyzmatdaşlygy: TUKTIC mejlisi Aşgabatda geçiriler

2026-njy ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Aşgabatda Türkmen-Iňlis söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu çäre iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin möhüm meýdançasy bolar.

Geljekki mejlis barada Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleriniň wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen duşuşygynda söhbet edildi. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we yzygiderli syýasy gepleşikleri hem-de ýokary derejedäki gatnaşyklary dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.