TMT Consulting Group

TÄZELIKLER

Türkmenistandaky soňky wakalary yzarlaň.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň söwda dolanyşygy artdy
13.02.2026
Türkmenistan bilen Türkiýäniň söwda dolanyşygy artdy

Türkiýäniň söwda ministri, Ömer Bolat Türkmenistanda geçirilýän Türkiýäniň eksport harytlarynyň 12-nji sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Çykyşynda 2025-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýe arasyndaky ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň 2,2 milliard dollar möçberine ýetendigini aýtdy hem-de strategik maksat hökmünde ony 5 milliard dollara ýetirmegi belledi.



Türkmen tarapyndan çärä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew gatnaşdy. Ömer Bolat iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da işjeň we köptaraplaýyn häsiýete eýe bolandygyny belledi. Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara garamazdan, taraplar özara söwdanyň ösmegini üpjün edip bildiler.



Ministriň aýtmagyna görä, iki taraplaýyn söwdany 5 milliard dollara ýetirmek maksady Türkiýäniň we Türkmenistanyň prezidentleri tarapyndan kesgitlenip, we bu ugurda işleriň dowam edýändigi nygtalýar. Türk tarapy sergide eksportçy kompaniýalaryň we birleşikleriň umumy meýdany 1,396 inedördül metre barabar bolan 87 diwarlyk bilen gatnaşdy. Şeýle giň gerimli çäreler, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär.



Çeşme:www.turkmenportal.com

 

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум