TMT Consulting Group

TÄZELIKLER

Türkmenistandaky soňky wakalary yzarlaň.
Türkmenistanyň hususy pudagy gurluşyk ulgamyna maýa goýumlaryny artdyrýar
04.03.2026
Türkmenistanyň hususy pudagy gurluşyk ulgamyna maýa goýumlaryny artdyrýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 2026-njy ýylda birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlaryny gönükdirerler.



Aşgabat şäherinde Gurtly ýaşaýyş toplumynda iki gatly söwda merkezleriniň, şeýle hem Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda söwda-hyzmat toplumlarynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda bolsa 11 gektar meýdany eýeleýän dokma kärhanasynyň gurluşygyna badalga berler.



Agrosenagat pudagynda täze maldarçylyk we guşçulyk hojalyklaryny döretmek, ýyladyşhana hojalyklaryny giňeltmek, şeýle hem suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly miweli baglary we gök-önüm meýdanlaryny döretmek ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenendir.



«Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasyna we maýa goýumlar maksatnamasyna» laýyklykda, ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan, jemi içerki önümdäki hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem täze desgalaryň gurluşygy we hereket edýän önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy arkaly 5 müň 245 täze iş ornuny döretmek göz öňünde tutulýar.



Çeşme: www.business.com.tm

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум