
Türkmenistan Germaniýany ekologik taýdan arassa dokma önümlerini Ýewropa bazaryna çykarmakda hyzmatdaşlyga çagyrdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 30-31-nji oktýabrda Frankfurt-na-Maýne şäherinde geçirilýän Germaniýadaky Türkmenistanyň ykdysadyýet günleriniň dowamynda aýtdy.
Wise-premýeriň sözlerine görä, häzirki wagtda ýurduň dokma pudagynda öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 60-a golaý döwrebap kärhana bar we önümleriň 70%-e çenlisi daşary ýurtlara eksport edilýär.
N.Atagulyýew Türkmenistanyň pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmagy maksat edinýändigini we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de döredilýän önümçiliklerde ýokary tehnologiýaly enjamlary gurnamak üçin nemes maşyngurluşyk kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Maglumat çeşmesi: Türkmenistan habarlar portaly



