
2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda «TMT Consulting Group» kompaniýasynyň ofisinde Günorta Koreýanyň «SJ Logistics Group» kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň esasy temasy halkara ýük daşamalary, logistika we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan Türkmenistana ýükleri ibermegi guramak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri boldy.
Duşuşygyň dowamynda «SJ Logistics Group» kompaniýasynyň wekilleri halkara ýük daşamalaryny guramak boýunça tekliplerini hödürlediler. Şeýle hem ulag-logistika ugurlaryny giňeltmek we türkmen hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikler barada pikir alyşyldy.
Şeýle hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň logistika kuwwatyny pugtalandyrmak, üstaşyr we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, şeýle hem Aziýa bazarlary bilen Türkmenistanyň arasynda harytlaryň has netijeli hereket etmegi üçin şertleri döretmek babatda goşmaça mümkinçilikleri açýar.



