TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
Türkmenistanda oba hojalygyna üns güýçlendirilýär
07.01.2026
Türkmenistanda oba hojalygyna üns güýçlendirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda bugdaý meýdanlarynda mineral dökünler bilen ideg, gowaça ekişine taýýarlyk, ýokary hilli tohumlar bilen üpjünçilik we tehnika taýýarlygy barada hasabatlar diňlenildi. Döwlet Baştutany pagta we bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň, gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we ilatyň elektrik, gaz, suw bilen üpjünçiliginiň kadaly bolmagy ýaly möhüm işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.



Çeşme: www.tdh.gov.tm