TMT Consulting Group

TÄZELIKLER

Türkmenistandaky soňky wakalary yzarlaň.
TULM ilkinji gezek Türkiýe–Türkmenistan–Gyrgyzystan ugry boýunça otlusyny iberdi
18.08.2025
TULM ilkinji gezek Türkiýe–Türkmenistan–Gyrgyzystan ugry boýunça otlusyny iberdi

“Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi“ (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzda demir ýol daşamalarynyň operatory hökmünde Türkiýe – Türkmenistan – Gyrgyzystan ugry boýunça ilkinji konteýner otly gatnawyny gurady. Bu barada TULM habar berýär.



TULM “Ýewropa – Merkezi Aziýa” halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde iri göwrümli multimodal daşamalaryň ösdürmegini dowam edýär. 



TULM 2024-nji ýylyň Awgust aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer kömegi ýüklenen türk wagonlaryny Etrek menzilinden GDA ýurtlarynyň wagonlaryna ýüklemekde we Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň demir ýol menziline ugratmaga işjeň gatnaşdy.



“Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2018-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda döredildi. Kärhananyň esasy wezipesi ýurduň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, tranzit daşamalarynyň möçberini artdyrmak hem-de tranzit we eksport-import ýükleriniň iberijiden alyja çenli eltilmeginde netijeli logistiki çözgütleri taýýarlamakdan ybaratdyr.



 



Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум