
2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Swerdlowsk regionyndan gelen kompaniýalar toparynyň wekilleri bilen «Ojar Aziýa» holdinginiň düzümine girýän kompaniýalaryň wekilleriniň arasynda tanyşdyryş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Swerdlowsk regionynyň wekilleri Türkmenistan bilen işewür hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga, hususan-da, «Ojar Aziýa» holdingi bilen uzak möhletleýin we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
Işewür dialogyň çäklerinde taraplar öz kompaniýalarynyň esasy iş ugurlary bilen tanyşdylar, hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini we onuň amala aşyrylmagynyň mümkin bolan görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Swerdlowsk regionynyň wekilleri işewür gatnaşyklary ösdürmäge we geljegi uly başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri gözlemäge gönükdirilen birnäçe taslamany tanyşdyrdylar.
Duşuşykda Swerdlowsk regiony bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, ilkinji nobatda gurluşyk ulgamynda, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.



