TMT Consulting Group

TÄZELIKLER

Türkmenistandaky soňky wakalary yzarlaň.
Türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň maliýe-ykdysady pudagyndaky geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
15.08.2025
Türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň maliýe-ykdysady pudagyndaky geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamow Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal Maliýe we girdejiler ministri senator Muhammad Aurangzeb bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 



Duşuşykda taraplar maliýe we ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.



Taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýete eýedigini nygtap, özara bähbitli taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.



Duşuşykda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmäge, söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, özara maýa goýumlary höweslendirmäge we işewürlik üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berildi.



Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň durmuş-ykdysady ösüşe we Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga itergi berjekdigini nygtadylar.



 



Maglumat çeşmesi: Türkmenistan Altyn Asyr

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум