
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gi Parmelini Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
Döwlet Baştutany Gi Parmeline berk jan saglyk, bagt we Şweýsariýanyň mundan beýläk-de ösüşiniň hem-de abadançlygynyň bähbidine alyp barjak döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu Gi Parmeliniň Prezident wezipesindäki ikinji möhletidir. Ol ilkinji gezek 2021-nji ýylda bu ýokary wezipä saýlanypdy. Gi Parmelin ýurduň fransuz dilinde gürleýän sebitine wekilçilik edýär we Şweýsariýanyň Federal Geňeşiniň agzasydyr.
Çeşme: www.tdh.gov.tm



