
2026-njy ýylyň 19–23-nji oktýabry aralygynda Günorta Koreýanyň Gangneung şäherinde akylly ulag ulgamlaryna we hereketlilik üçin innowasion çözgütlere bagyşlanan iň iri halkara çäreleriň biri bolan 32-nji ITS World Congress 2026 Bütindünýä kongresi geçirilýär. Bu çärä «Amatly Çözgut» we «TMT Consulting Group» kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
“Beyond Mobility, Connected World” («Hereketlilikden aňryk — özara baglanyşykly dünýä») şygary astynda geçirilýän kongres dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň, işewür toparlaryň, ylmy jemgyýetçiligiň we tehnologiýa kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemleýär.
Gatnaşyjylaryň esasy üns merkezinde akylly ulag ulgamlaryny ösdürmek, ýol hereketini dolandyrmakda emeli aňy ornaşdyrmak, ulag infrastrukturasyny sanlylaşdyrmak, awtonom ulag serişdeleri we ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak meseleleri durýar.
Çäräniň çäklerinde halkara konferensiýalar, tematik çekişmeler, tehnologiýalaryň tanyşdyrylyşlary we häzirki zaman çözgütleriniň sergisi göz öňünde tutulýar. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, bu çärä takmynan 90 ýurtdan wekilleriň we 60 000 töweregi myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar.
«Amatly Çözgut» we «TMT Consulting Group» kompaniýalarynyň wekilleriniň şeýle derejedäki halkara çärä gatnaşmagy öňdebaryjy tehnologik işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga, hünär tejribesini alyşmaga, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga we halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini öwrenmäge giň ýol açýar.
ITS World Congress 2026 kongresi ulag pudagynyň ösüşiniň ählumumy meýillerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de netijeli, howpsuz we özara baglanyşykly ulag infrastrukturasyny döretmek boýunça täze çemeleşmeleri işläp düzmek üçin möhüm meýdança bolup durýar.



