TMT Consulting Group

TÄZELIKLER

Türkmenistandaky soňky wakalary yzarlaň.
«Ojar Aziýa» Hytaýyň döwlet gurluşyk-inženerçilik korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi
26.05.2026
«Ojar Aziýa» Hytaýyň döwlet gurluşyk-inženerçilik korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi

26-njy maýda Aşgabat şäherinde «Ojar Aziya» Türkmenistanyň öňdebaryjy gurluşyk kompaniýasynyň bilen Hytaýyň iň iri maýa goýum-gurluşyk korporasiýasy bolan China State Construction Engineering Corporation (CSCEC) kompaniýasynyň wekilleriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda CSCEC International Construction Co., Ltd. kompaniýasynyň Partiýa komitetiniň sekretary, direktorlar geňeşiniň başlygy we China State Construction Engineering Corporation (CSCEC) kompaniýasynyň daşary ýurt bölüminiň baş müdiri jenap Gao Bo bilen gurluşyk we infrastruktura ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de tejribe alyşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

1982-nji ýylda döredilen CSCEC dünýäniň iň iri maýa goýum-gurluşyk korporasiýalarynyň biridir. Kompaniýa dünýäniň 100-e golaý ýurdunda iş alyp barýar, 360 müňden gowrak işgäri birleşdirýär we Fortune Global 500 sanawynda 14-nji orny eýeleýär. 2024-nji ýylyň jemleri boýunça korporasiýanyň baglaşan şertnamalarynyň umumy möçberi 4,5 trillion ýuana ýetdi.

«Ojar Aziýa» kompaniýasynyň wekilleri halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhümdigini belläp, CSCEC kompaniýasynyň dünýä gurluşyk pudagyndaky ýokary abraýyny nygtadylar.



TMT Habarlar

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум