TMT Consulting Group

TÄZELIKLER

Türkmenistandaky soňky wakalary yzarlaň.
TMT Consulting Group Türkmenistanyň we Hytaýynyň öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalarynyň arasynda iş duşuşygyny gurady
01.05.2026
TMT Consulting Group Türkmenistanyň we Hytaýynyň öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalarynyň arasynda iş duşuşygyny gurady

2026-njy ýylyň 30-njy aprelinde «Ojar Aziýa» kompaniýasynyň edarasynda geçirilen iş duşuşygynyň guramaçylyk işleri «TMT Consulting Group» tarapyndan amala aşyryldy. Duşuşykda «Ojar Aziýa» kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy döwlet gurluşyk kompaniýalarynyň biri bolan «China State Construction» kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda «China State Construction» kompaniýasynyň halkara amallar we marketing departamentiniň baş direktorynyň orunbasary Ýuan Sýaoszýun hem-de «Ojar Aziýa» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljekki mümkinçiliklerini we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar öz kompaniýalarynyň iri möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça toplanan baý tejribesine aýratyn üns çekip, bu tejribäniň gurluşyk, şäherleri döwrebaplaşdyrmak, saglygy goraýyş, bilim, suw hojalygy hem-de daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri bellenildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça gatnaşyjylar strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bardygyny tassykladylar hem-de ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlediler.



TMT News

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум