TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly gepleşigi geçirildi
14.02.2026
Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly gepleşigi geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we öňde boljak duşuşyklaryň hem-de bilelikdäki çäreleriň tertibini maslahatlaşdylar.



Şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde, hususan-da GDA hem-de Hazarýaka döwletleriň özgertmelerini utgaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi.



Söhbetdeşligiň ahyrynda ministrler iki ýurduň diplomatik gulluklarynyň işgärleriniň hünär baýramlary mynasybetli özara gutlaglaryny beýan etdiler.



Çeşme: www.turkmenportal.com