
«OJAR ASIÝA» hususy kärhanasynyň kompaniýalar toparyna girýän «Garagum Transit» hojalyk jemgyýeti 2026-njy ýylyň 3–5-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisine (CIET-2026) gatnaşdy. Şeýle hem kompaniýa ýurduň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanan CIET-2026 halkara forumynyň hemaýatkärleriniň biri hökmünde çykyş etdi.
«Garagum Transit» ady aýratyn mana eýedir. Garagum diňe bir geografik at bolman, eýsem Türkmenistanyň taryhy, tebigaty we milli özboluşlylygy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan nyşanlarynyň biridir. Bu at kompaniýanyň öz Watany bilen berk arabaglanyşygyny, ösüşe we öňe tarap hereket etmäge bolan ygrarlylygyny şöhlelendirýär.
2021-nji ýylda ulag-logistika kompaniýasy hökmünde esaslandyrylan «Garagum Transit» öz iş ugurlaryny yzygiderli giňeltdi, tehniki mümkinçiliklerini artdyrdy we soňra gurluşyk pudagyny özleşdirmek arkaly işini diwersifikasiýalaşdyrdy. Häzirki wagtda kompaniýa ýol gurluşygy we infrastruktura ösüşi boýunça taslamalary durmuşa geçirýär, logistika ulgamynda toplan tejribesini öz önümçilik we tehniki mümkinçilikleri bilen utgaşdyrýar.
CIET-2026-nyň çäklerinde kompaniýanyň wekilleri B2B we B2G görnüşlerinde birnäçe iş duşuşyklaryny geçirip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini, gurluşyk pudagynyň ösüşini we bilelikdäki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Sergä gatnaşmak we foruma hemaýatkärlik goldawyny bermek «Garagum Transit» hojalyk jemgyýetiniň işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de Türkmenistanyň gurluşyk we ulag infrastrukturasynyň ösüşine işjeň goşant goşmaga bolan ygrarlylygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.



