TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
«Ojar Aziýa» kompaniýalar topary Kabulda geçirilýän AFG REBUILD EXPO 2026 halkara sergisinde Türkmenistana wekilçilik edýär
25.11.2026
«Ojar Aziýa» kompaniýalar topary Kabulda geçirilýän AFG REBUILD EXPO 2026 halkara sergisinde Türkmenistana wekilçilik edýär

«Ojar Aziýa» kompaniýalar topary Owganystanyň gurluşyk pudagyna we dikeldiş işlerine bagyşlanan 4-nji Halkara sergisine we maslahatyna – 4th AFG REBUILD EXPO 2026 gatnaşýar. Bu halkara çäre 2026-njy ýylyň 24–28-nji noýabry aralygynda Kabul şäherinde geçirilýär.

Kompaniýanyň bu halkara çäresine gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi «Ojar Aziýa» sergide Türkmenistana we Merkezi Aziýa sebitine wekilçilik edýän ýeke-täk gurluşyk kompaniýasy we kompaniýalar toparydyr.

Sergi diwarlygynda toparyň esasy iş ugurlary, durmuşa geçirilýän taslamalary, şeýle hem golçur kärhanalarynyň ýol we infrastruktura gurluşygy, ulag-logistika hyzmatlary, gurluşyk we ýöriteleşdirilen tehnikalary, täjirçilik ulag serişdelerini hem-de enjamlary üpjün etmek boýunça mümkinçilikleri görkezilýär.

Serginiň ilkinji günlerinden başlap, «Ojar Aziýa» kompaniýalar toparynyň gatnaşmagy işewürlik duşuşyklaryna baý maksatnama bilen utgaşýar. Toparyň wekilleri owgan we daşary ýurt kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň wekilleriniň, potensial hyzmatdaşlaryň hem-de maýadarlaryň arasynda köp sanly duşuşyklary geçirýärler. Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, infrastruktura we gurluşyk taslamalaryna gatnaşmak, tehnika we enjamlar bilen üpjün etmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Sergi eýýäm täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, tejribe alyşmak we geljekki hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Kompaniýalar toparynyň işine bildirilýän aýratyn gyzyklanma türkmen telekeçiliginiň ýokary mümkinçiliklerini hem-de onuň sebitde giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklaýar.

AFG REBUILD EXPO 2026 sergisine gatnaşmak «Ojar Aziýa» kompaniýalar toparynyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we Türkmenistanyň mümkinçiliklerini daşary ýurt bazarlarynda öňe sürmek boýunça yzygiderli alyp barýan işleriniň dowamydyr.

IMG-20261125-WA0003.jpg