TMT Consulting Group

TÄZELIKLER

Türkmenistandaky soňky wakalary yzarlaň.
Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi
01.05.2026
Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi

2026-njy ýylyň 30-njy aprelinde «TMT Consulting Group» kompaniýasynyň edarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Milli ösüş we özgerişler komissiýasynyň prezidenti He Ženwei hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe iri kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäginde halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň geljekki ugurlaryny, şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini we hytaý kompaniýalarynyň Türkmenistan bazarynda işjeňleşmegine ýardam bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda işewür hyzmatdaşlyk üçin netijeli platformalaryň döredilmegi, şeýle hem işewür saparlaryň guralmagy we bilelikdäki halkara çäreleriň — forumlaryň, konferensiýalaryň hem-de maýa goýum sessiýalarynyň — ösdürilmegi meselelerine aýratyn üns berildi

Komissiýasynyň prezidenti He Ženwei ýolbaşçylyk edýän guramasynyň döwlet edaralary bilen işewür toparlaryň arasynda möhüm köpri hökmünde çykyş edýändigini belläp, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde we maslahat beriş goldawyny bermäge taýýardygyny nygtady. «TMT Consulting Group» kompaniýasynyň direktory halkara taslamalara gatnaşmak hem-de bilim-işewürlik ugurlaryny öz içine alýan maksatnamalaryň çäginde hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigini mälim etdi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar özara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga, bilelikdäki taslamalary ösdürmäge hem-de daşary ýurt maýa goýumlary we işewür alyş-çalyş ugurlarynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem ýakyn wagtda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki resminamanyň taýýarlanylmagy we gol çekilmegi barada ylalaşyk gazanyldy.



TMT News

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум