TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
Aşgabatda geçiriljek Turkmentel – 2026 we ITTC forumlaryna 200-den gowrak wekiliýet gatnaşar
18.11.2026
Aşgabatda geçiriljek Turkmentel – 2026 we ITTC forumlaryna 200-den gowrak wekiliýet gatnaşar

2026-njy ýylyň 24–26-njy noýabry aralygynda Aşgabatda Turkmentel – 2026 atly halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle hem «Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» (ITTC) atly forum geçiriler.

Çäreleriň işine 200-den gowrak wekiliýetiň, 100-den gowrak halkara guramalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Işewürlik maksatnamasynyň esasy ugurlary ulag-logistika infrastrukturasyny we halkara üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, sanly ykdysadyýet, emeli aň, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary we telekommunikasiýalar bolar.

Çärelere Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan we beýleki döwletlerden wekiller, şeýle hem Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi, Bütindünýä poçta birleşigi, Yslam ösüş banky we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky ýaly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşar.

Gatnaşmagyna garaşylýan halkara kompaniýalaryň hatarynda Huawei, Nokia, Cisco, Samsung, Lenovo, ZTE, Mitsubishi we Ozon bar.

Turkmentel çäresiniň çäklerinde sanly tehnologiýalar we emeli aň ulgamyndaky innowasion çözgütler hem görkeziler. Kiberhowpsuzlyk we sanly özgertmeler boýunça okuw maslahatlary geçiriler.

Çäräniň aýratyn wakalarynyň biri hem 442 taslamanyň hödürlenen «Sanly çözgüt – 2026» atly bäsleşiginiň netijeleriniň jemlenmegi bolar.